
Ýeralma ideg edilýär
Balkan welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary şu günler ýazlyk ýeralma ideg etmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar şu ýyl 1 müň 600 gektar ýerde esasy azyklyk önümleriň biri bolan ýeralmanyň ekişini gysga möhletde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegi başardylar. Ekiş geçirilen meýdanlarda oňat gögeriş gazanyldy. Zähmetsöýer ekerançylar endigan boý alýan ýeralma ösüş suwuny tutmak, bejergi geçirmek bilen birlikde, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek ýaly işleri öňdebaryjy tejribä daýanyp, ylmy esasda ýola goýýarlar. Hatarara bejergi işlerinde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary göreldeli zähmet çekýärler. Önümçilik birleşiginiň etraplardaky ussahanalarynda tehnikalardyr enjamlaryň hem-de beýleki gurallaryň irki möhletlerde möwsüme taýýarlanyp goýulmagy ýazlyk ýeralmanyň hatarara bejergisini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.