Yhlasly zähmetiň netijesi
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde dokma senagatyna uly orun degişlidir. Şonuň üçinem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň hil babatda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri hem öndürilýän dokma önümleriniň mukdaryny artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Kärhananyň dokmaçylary şu ýylyň üç aýynda dürli görnüşli ýüplükleriň jemi 1 müň 100 tonnasyny öndürdiler. Netijede, taýýarlanan ýüplükleriň möçberi geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkä garanyňda 30 tonna köp boldy. Öndürilen ýüplükleriň 672 tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirildi.