Ylymlar güni ýokary derejede bellenildi
Ylymlar güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa alymlar, nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary öz aýdym-sazlarynda ösüşlere beslenýän döwrümiziň waspyny ýetirdiler. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýygnaklar jaýynda geçirilen «Ylym-bilim kämilligiň ýoludyr» atly ylmy-amaly maslahat hem baýramçylyga bagyşlandy. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde badalga berlen özgertmeleriň giňden rowaçlanýandygyny, kämil hünärmenleriň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler.