Ynamly we ygtybarly ýolar
Bilşimiz ýaly, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda ulanmaga berildi.
Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara – awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.