
Medeniýet
15.01.2023
292
Ýokary hilli haly we haly önümleri
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ýokary zähmet netijeleri bilen jemlediler. Ene-mamalarymyzyň halyçylyk däplerini dowam etdirýän çeper elli gelin-gyzlar gürrüňi edilýän döwürde dürli ölçegli haly we haly önümleriniň 2 müň 726 inedördül metrini dokamagy başardylar. Munuň özi kärhanada 5 million 184 müň manatlykdan gowrak haly we haly önümleriniň taýýarlanandygyny görkezýär. Netijede, halyçylar 120 göterim zähmet üstünligini gazandylar.
Gazanylan ýokary netijeler halyçylarda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” hem üstünliklere beslejekdiklerine ynam döredýär.