Ykdysadyýet
14.10.2026
47
Ýokary hilli nebit önümleri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleriň möçberi yzygiderli artýar, içerki hem-de daşarky bazarlarda bu önümlere isleg barha ýokarlanýar. Toplumda öndürilýän ýokary hilli nebit önümi bolan dizel ýangyjynyň ýylyň geçen döwründe 1 million 143 müň 165 tonnasy öndürilip, ösüş depgini ýokarlandy. Çalgy ýaglaryny öndürmekde bu görkeziji 39 müň 56 tonna ýetdi. Zawodlar toplumynda şu döwürde suwuklandyrylan gazyň 120 müň 583 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 159 göterim ýokarlandy.