Ýokary hilli önüm — ýokary isleg

Ykdysadyýet
24.04.2025
488

Ýokary hilli önüm — ýokary isleg

Balkan sement zawodynda gurluşyk serişdesiniň bu görnüşi bilen sebitdäki alnyp barylýan gurluşyklary bökdençsiz üpjün etmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Zawodda öndürilýän sementiň hil babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelmegi onuň hyrydarlarynyň hatarynyň yzygiderli artmagyna getirýär. Şeýle islegler nazarda tutulyp, ýylyň geçen döwründe ýokary hilli sementiň 236 müň 400 tonna golaýy öndürilip, iş meýilnamasyna 105,5 göterim hötde gelinmegi munuň anyk subutnamalarynyň biridir. Mümkinçilikler netijeli peýdalanylýan kärhanada geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda önümçiligiň ösüş depgini 114 göterim ýokarlandyryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gurluşyk serişdesiniň bu görnüşini öndürmekde belent sepgitleri nazarlaýan zawodda öndürilýän ýokary hilli sement önümleri Balkan welaýatynyň, şol sanda berkarar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýokary depginlerde alnyp barylýan meden-durmuş hem-de önümçilik maksatly gurluşyklara dowamly ugradylyp durulýar.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde