Ýokary hilli önümler
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň merkezinde ýerleşýän ýod önümçiligi kärhanasynda öndürilýän önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Her ýylda ýodly taýajyklaryň 250, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenen kärhananyň önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarlary bilen birlikde, Türkiýe, Ukraina, Azerbaýjan, Gruziýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly döwletler hem uly isleg bilen satyn alýarlar.
Kärhanada lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmançylyk kömeginiň gutulary hem taýýarlanylýar. Munuň özi kärhana netijeli we düşewüntli işlemäge mümkinçilik berýär. Döwrebap kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda 1 million 300 müň manatlykdan gowrak önüm satuwa ugradylyp, meýilnama 183 göterim ýerine ýetirildi. Ýod önümçiligi kärhanasynda üstümizdäki ýyly uly üstünliklere beslemek üçin alnyp barylýan işler barha öňe ilerleýär.