Ýokary hilli unaş önümleri

Ykdysadyýet
10.12.2025
41

Ýokary hilli unaş önümleri

Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Parfiýa-gurluşyk» hususy kärhanasy sarp edijileriň ýokary islegine eýe bolan dürli azyk önümlerini öndürmekde oňyn tejribeleri toplan kärhanalaryň biridir. Bu ýerde öndürilýän unaş önümleriniň görnüşleriniň sany 15-e ýetýär. Ol önümler 400, 500 gramlyk, şeýle-de 1 we 5 kilogramlyk owadan, göze gelüwli gaplara gaplanyp, sarp edijilere ugradylýar. Awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan enjamlaryň kömegi bilen bölümde her günde bir tonna golaý unaş önümleri öndürilýär. Unaş önümçiliginde esasy çig mal bolan unuň baglaşylan şertnama esasynda ýerli önüm öndürijilerden satyn alynmagy önümiň ýokary hil derejesini gazanmakda, önümçiligiň bökdençsiz ýola goýulmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. «Parfiýa-gurluşyk» hususy kärhanasy alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltmekde, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmakda zerur tagallalary edýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet