Ykdysadyýet
19.01.2025
408
Ýokary hilli ýüplükler
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde häzirki wagtda döwrebap işler üstünlikli amala aşyrylýar. Daýhan azabyndan emele gelýän pagta süýümi kärhananyň giň hem ýagty bölümlerinde ýokary hil ülňülerine laýyk dürli ölçeglerdäki ýüplüge öwrülýär. Toplumdaky bölümlerde oturdylan kämil enjamlara ýüplük taýýarlamak üçin zerur bolan çig mal kuwwatly howa sorujy ulgamlar arkaly berilýär.
Kärhana boýunça geçen ýylyň dowamynda 4210 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanylyp, sarp edijilere ugradyldy. Bu döwürde satuwa ugradylan nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 146 million manatdan geçdi.