Ýokary hilli ýüplükler
Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde sazlaşykly işler alnyp barylýar. Munuň özi kärhananyň hünärmenlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem ýokary islege eýe bolan dürli görnüşli ýüplükleri öndürmäge şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, kärhananyň hünärmenleri häzire çenli ýokary hilli ýüplükleriň 3 müň 537 tonnadan gowragyny öndürdiler. Bu bolsa harytlyk önümleriň 133 million 98 müň manatlyga golaýynyň öndürilendigine şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde 3 müň 742 tonna barabar ýüplükler sarp edijilere ýetirildi. Kärhananyň zähmet toparynyň şu günlerki baş maksady bolsa ýetilen sepgitleri mynasyp iş görkezijileri arkaly berkitmekden ybaratdyr.