Ýokary işjeňlikde geçen çäre

Medeniýet
26.02.2026
21

Ýokary işjeňlikde geçen çäre

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň geňeş agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Ata-babalarymyz zenan mertebesini hemişe gorap gezipdirler, aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha beripdirler. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ajaýyp üstünliklere zenanlar saldamly goşantlaryny goşýarlar, kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin tutanýerli zähmet çekýärler, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, sagdynlygyny goramakda, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk görelde görkezýärler. Hasabat ýygnagynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular barada aýdyldy. Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Şu ýylda amala aşyrylmaly işler ara alnyp maslahatlaşylyp, öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Täze habarlar