
Ýokary işjeňlikde geçen maslahat
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat baý many-mazmuna eýe boldy. Oňa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.
«Howply täze döremelere garşy göreş» atly maslahatda çykyş edenler, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan ýokary üstünlikler, dünýä derejesindäki buýsançly ösüşler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen derejelerine ýetirmek barada uly tagallalaryň edilýändigini nygtadylar.
Ýokary işjeňlikde geçen maslahatyň dowamynda wideogörnüşleriň üsti bilen howply täze döremelere garşy göreş barada düşünjeler berildi.