
Ýokary islegli gurluşyk serişdeleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Akgaýa” hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän gurluşyk garyndy serişdeleri we gipsokarton kärhanasynyň umumy meýdany 25 gektara barabardyr. Dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we gipsokartonlara ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.
Häzirki zaman kärhanasynyň kuwwatlylygy her ýylda binalaryň içki diwarlaryny tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan gury gurluşyk garyndy serişdeleriniň 78 müň tonnasyny, gipsokartonyň bolsa 8 million inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi şäherçäniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Munuň özi kärhanada işleri düşewüntli alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Şu ýylyň başyndan bäri gury gurluşyk garyndy serişdeleriniň 22 müň tonnadan gowragy öndürilip, onuň 1 müň 500 tonnasy, gipsokartonyň bolsa 1 million 500 müň inedördül metri taýýarlanyp, onuň aglaba bölegi, ýagny 1 million 150 müň inedördül metri daşarky bazarlara satuwa ugradyldy. Kärhanada taýýarlanylýan gurluşyk serişdelerine Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gruziýa we Täjigistan ýaly döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär.