Ykdysadyýet
18.03.2023
522
Ýokary islegli önümler
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän, ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bolan «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleri üstümizdäki ýylyň geçen döwründe guwandyryjy zähmet netijelerine eýe boldular. Kärhanada gürrüňi edilýän döwürde mineral dökünleriň 189 müň 300 tonnasynyň öndürilip, meýilnamanyň 105,5 göterim ýerine ýetirilmegi muny aýdyň görkezýär. Häzirki zaman ylmynyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň gazananlaryna daýanýan bu döwrebap gazhimiýa toplumynyň önümlerine içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.