
Sport
19.04.2024
246
Ýokary netijeli gyzykly oýunlar
Türkmen paýtagtynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üçünji gününde Belarusuň “Volat” topary Gazagystanyň “Aqmola” toparyny 6:4 hasabynda ýeňdi. Bu gazak hokkeýçileriniň ýaryşdaky ilkinji ýeňlişidir.
Şeýle-de şol gün Özbegistanyň “Feniks” topary Bahreýniň toparyndan 13:3 hasabynda üstün çykdy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “ADIHIC-Kazan” topary bolsa Türkiýäniň “Team Turkiye” toparyny 5:1 hasabynda ýeňdi.