Ýokary ruhubelentlige beslenen maslahat
Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan, bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan türkmen diplomatiýasy, ýurdumyzyň daşary syýasatda durmuşa geçirýän tutumly işleri barada giňişleýin söhbet edildi. Dabaraly maslahatda çykyş edenler döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ähmiýeti barada aýratyn nygtamak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda, özara ynanyşmagyň berkidilmeginde, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde tagallalaryny gaýgyrmaýan ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändigini, türkmen diplomatiýasynyň dünýä ýurtlarynyň ösüşine, halklaryň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat edýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýetirilip, olarda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň durmuşa geçirýän dünýä ähmiýetli işleri, baky Bitaraplygymyz, parahatçylyk, dost-doganlyk wasp edildi.