Ýüpekçileriň zähmet üstünligi
Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.
Ýüpekçileriň bu günki gazanan zähmet ýeňşine Balkan welaýatynyň ýüpekçileri hem mynasyp goşant goşdylar. Olar üstümizdäki ýylda ýokary hilli piläniň 50 tonnasyny Watanyň çäjine goşmagy başardylar. Magtymguly etrabynyň ýüpekçileri 30 tonna, Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri 16 tonna, Bereket etrabynyň ýüpekçileri bolsa 4 tonna ýokary hilli pile taýýarladylar.
Magtymguly etrabynyň «Çendir» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Şemşat Durdyýewa ýüpek gurçuklarynyň 20 gramyndan 91 kilogram, Gurtmyrat Gurtmyradow 25 gramdan 93 kilogram, Zelili adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Şemşat Tekäýewa 10 gramdan 31 kilogram, «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Mämmet Mämmedow 100 gramdan 335 kilogram, Çaryýar Atanepesow 30 gramdan 102 kilogram pile ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjiler bolup ýerine ýetirdiler.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler ýüpekçileriň pile öndürmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär. Ýüpekçileriň yhlasly zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.