Ýurt garşy alsyn!
Halkara zenanlar gününde Balkanabat şäherinde iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanyşa tabşyryldy. Täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Dabarada gutlag çykyşlaryna giň gerim berildi. Ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi çykyşlarda nygtaldy.
Dabarada täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň öňdebaryjy gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Soňra ýaşulular toý bagyny kesip, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga ak pata berdiler. Dört gatdan ybarat ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 40 hojalyga, ýagny jemi 80 hojalyga niýetlenip, binalaryň iki hem-de üç otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylyş dabarasy hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.