Ýurt garşy alsyn!

Jemgyýet
09.03.2023
178

Ýurt garşy alsyn!

Halkara zenanlar gününiň şatlyk-şowhunly çäreleri şu günler ýurdumyzyň çar künjegini gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy bu nurana baýramyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Baýramçylyk mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy bolsa ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň nusgalyk derejedediginiň nobatdaky subutnamasy boldy. «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi bolup, täze öýüň açaryny maňlaýyna sylmak bagty miýesser eden eneleriň biri hem Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Bagtygül Saparowadyr. Biz onuň bilen gysgaça söhbetdeş bolduk.

- Bagtygül gelneje, baýramyňyz gutly bolsun!

  • Sag boluň! Biz — ajaýyp döwrüň bagtyýar zenanlary. Hormatly Prezidentimiziň enelere çäksiz hormat-sarpa goýýandygyna Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän häzirki baýramçylyk dabaralarynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň ençemesi bilen birlikde maňa hem döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy başymy göge ýetirdi. Şeýle ajaýyp döwrüň enesi bolup, perzentlerimi Watana, il-güne wepaly adamlar edip ýetişdirmek üçin yhlasymy gaýgyrmaryn.

- Ine, bu gün size täze öýüň açary hem gowşurylypdyr. Ýurt garşy alsyn!

  • Hawa, ýaňy hem aýdyşym ýaly, biz — ajaýyp döwrüň bagtyýar zenanlary. Köp çagaly maşgalalaryň hatarynda maňa hem täze öýüň açarynyň gowşurylmagy kalbymy buýsanja, begenje besledi. Şeýle uly sowgady üçin hormatly Prezidentimize ene ýüregimden alkyş aýdýaryn.

- Bagtygül gelneje, baýramçylyk gününde arzuwlaryňyzam eşidäýsek!

  • Ilimiz-günümiz abadan bolsun, goý, mährem eneleriň sarpasyny belent tutýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri barha rowaçlyklara beslensin!