Ýüz ýaşly ene

Ýurduň çäginde
22.03.2022
206

Ýüz ýaşly ene

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi.

Alty doganyň biri bolan Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär. Bu günki gün bolsa eşretli döwrümize guwanyp ýaşaýar.

Aslynda, meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar. Doganlarymyňam dokuzynjy onlukdan gädip ugranlary bar. Uzak ýaşamagyň syry barada soranlarynda, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Galyberse-de, ruhubelentlik, kadaly uky we dogry iýmitlenmek — ýaşyňy uzaldýan zatlar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu durmuş endigi bolup galdy. Häzirem 100 ýaşadym diýip gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar — diýip gürrüň berýän, 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 sany ýuwlugy bolan Älem enäniň bagtyýar maşgalasyna älem gowulyklary ýar bolsun.