Ýyladyşhanada ýetişdirilýän islegli önüm
Türkmenbaşy şäheriniň çäginde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 4 gektar ýeriniň 2 gektarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sapardurdy Nazlyýewiň guran ýyladyşhana hojalygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ekologiýa taýdan arassa pomidoryň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýagtylygyň, ýylylygyň, suwaryşyň hem-de ekinleri dökünlemegiň awtomatik usulda ýerine ýetirilmegi we gök ekerançylaryň yhlasy netijesinde bol hasyl kemala getirildi. Möwsümiň başyndan bäri bu ýerden sarp edijilere ugradylan islegli önümiň möçberi 40 tonnadan geçdi. Tejribeli telekeçi geljek ýylyň tomus aýyna çenli pomidoryň ýene-de 400 tonna golaýyny ýygnajakdygyna pugta ynanýar. Ýyladyşhanada pomidoryň «Marwelan» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu tohumdan ýetişen hasyl hoşaly bolup, her hoşadaky pomidoryň sany 5-6-a çenli ýetýär, owadan harytlyk görnüşi bilen özüne çekýär. Ýygym döwründe, esasan, ekiniň baldagyny döwmezlige üns berlip, pomidoryň hasyl berşiniň endigan we kadaly bolmagy gazanylýar. Tagamlylygy bilen özüne çekýän pomidor hasylynyň ýerli bazardan artan bölegi Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär.