Ýyladyşhananyň önümleri - saçaklarymyzyň berekedi

Ykdysadyýet
16.04.2024
153

Ýyladyşhananyň önümleri - saçaklarymyzyň berekedi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli Türkmenbaşy şäherindäki ýyladyşhanada gök önümlerden bitginli hasyl ýygnamakda belent sepgitlere ýetilýär. Üç ýyla golaý wagt mundan ozal işe girizilen ýyladyşhana 4 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde gök önümleriň, esasan hem, pomidordyr bolgar burçunyň dürli görnüşlerinden bol hasyl almakda uly tejribe toplandy.

Ýyladyşhanada, ilki bilen, pomidor ekilip, ondan 400 tonna çenli hasyl ýygnalan bolsa, soňra bu ýerde bolgar burçundan hem oňat hasyl alyndy. Tejribeli telekeçi ýyladyşhanasynda ýene-de pomidoryň bereketli hasylyny ýetişdirmegi başardy. Pomidor hasylyny ýygnamak işleri geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri dowam edip gelýär. Ýyladyşhanadan häzire çenli ýygnalyp, sarp edijilere ýetirilen pomidoryň umumy mukdary 70 tonnadan geçipdir. Onuň möçberi günsaýyn ýokarlanýar. Möwsümiň ahyryna çenli ýene-de 300 tonnadan gowrak pomidor hasylynyň ýygnaljakdygyny bu ýerde zähmet çekýän bagbanlar uly ynam bilen aýdýarlar.