Ýyladyşhananyň täze hasyly

Ykdysadyýet
12.02.2022
466

Ýyladyşhananyň täze hasyly

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň biri Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşanyňda, oba hojalygynda hususy pudagyň eýeleýän ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygyna ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýärsiň. Ýyladyşhananyň döwrebap işläp taýýarlamalara we tehnologiýalara daýanýandygy telekeçileriň her bir işde dünýä ylmynyň gazananlaryna hem-de tejribelerine üns berýändiklerine, olary önümçilige netijeli ornaşdyrýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň tomus paslynyň ahyrlarynda oturdylan pomidor şitilleri ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri ýetişdirmekde guwandyryjy tejribe toplaýan hünärmenleriň talabalaýyk ideg etmekleri netijesinde endigan boý alyp, bereketli hasyl kemala geldi. Şu günler ýyladyşhananyň hasyly köpçülikleýin ýygnalýar. Ýyladyşhanada yzygiderli ýetişýän pomidor hasylyny ýygnamak hem-de terligi bilen sarp edijilere ýetirmek şu ýylyň tomus paslynyň ilkinji aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Geçen möwsümde ýyladyşhanada gazanylan iş netijelerinden mälim bolşy ýaly, pomidor düýpleriniň her birinden möwsümiň dowamynda ýedi kilogramdan on bir kilograma çenli hasyl ýygnamak mümkin. Munuň özi täze möwsümiň tutuş dowamynda ýygnalyp, alyjylara ýetiriljek pomidor hasylynyň umumy möçberiniň bir müň tonna barabar boljakdygyny görkezýär. Bu ýerde ýetişdirilýän bitginli hasylyň diňe bir içerki sarp edijilere ýetirilmän, eýsem, daşarky bazarlara hem yzygiderli iberilýändigi bellärlikli ýagdaýdyr.

Täze habarlar