Ýyladyşhananyň ter gök önümleri

Ykdysadyýet
27.07.2022
389

Ýyladyşhananyň ter gök önümleri

Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda ýurdumyzda birbada işe girizilen alty sany ýyladyşhana toplumynyň biridir. Häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Ekerançylyk meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlarynyň otuza golaýy döredildi. Ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda gazanylýan üstünliklere, azyk üpjünçiliginiň berkidilmegine saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda geçen ýylda ýygnalan pomidoryň umumy möçberi 400 tonna barabar bolup, ýygnalan hasyl içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi.

Öz işine oýlanyşykly çemeleşýän işjanly telekeçi pomidor hasyly ýygnalandan soň, ýyladyşhana toplumyny bulgar burçunyň dürli görnüşlerini ekmäge taýýarlady. Şeýlelikde, geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde bulgar burçunyň biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek guramaçylykly ýola goýuldy. Mineral dökünler bilen baýlaşdyrylan suw bilen üpjün edilen bulgar burçlarynyň gözüňi dokundyrýan owadan hatarlary suwarylanda syzylyp çykýan artykmaç suwlaryň netijeli peýdalanylýandygyny hem bellemeli. Artykmaç suwlar ýörite akarlaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhananyň golaýyndaky 5 gektara ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Telekeçiniň bu ekerançylyk meýdanynda bolsa badam agajynyň 6 müň düýbi endigan boý alýar. Badam baglary geljek ýylda ilkinji hasylyny berip başlar.

Bereketli topraga yhlasly hyzmat edýän telekeçiniň ýyladyşhanasynda ýetişdirilen bulgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleriniň geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri tapgyrma-tapgyr dowam edýändigini bellemek gerek. Şu ýylyň tomus paslyna çenli dowam etjek hasyl ýygnamak möwsüminiň ahyryna çenli ýyladyşhana toplumynda 200 tonnadan gowrak bulgar burçuny ýygnap, sarp edijilere ýetirmek maksat edinilýär.

Täze habarlar