Ýylgyn
Ýurdumyzda iň köp ýaýran ösümlikleriň biri bolan ýylgyn tomus paslynyň başynda gülläp, tä güýzüň ahyryna çenli özüniň gyrmyzy gülgüne gülleri bilen töweregine özboluşly gözellik çaýýar. Balarylary hem şol güllerden tomus we güýz aýlarynda bal ýygnaýar. Şor ýerde ösýändigine garamazdan, ýylgynyň baly örän süýji, pürleri bolsa mal oty bolýar.
Ata-babalarymyz ýylgynyň syrdam, gaty çybyklaryny dürli maksatlar üçin peýdalanan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň aşagyna dökülýän pürüni alyp, tamdyryň iç ýüzüni suwamakda ulanypdyrlar. Şonda suwag berk, çöregiň arkasy bolsa keseksiz bolupdyr.
Ine, şeýle bähbitli taraplary bilen tapawutlanýan ýylgyn agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde ösýär. Hatda şorluk, batgalyk ýerlerde hem ösüp bilýän bu agajyň birnäçe görnüşi bardyr. Ol tohumyndan-da, çybygyndan-da köpelip bilýär. Özem ýabany usulda köpelýär. Iň peýdaly taraplarynyň biri hem, ol şor ýerlerde hem ösmek bilen, toprakdaky duzuň gurap, biziň dem alýan howamyza aralaşmagynyň öňüni alýar.
Bu agajy az-azdan bogup, mal agyly, kaşar üçin hem ulanypdyrlar. Hatda ak öýleriň daşyna örtülýän gamşyň arasyna-da ýylgynyň syrdam çybyklaryny goşup çykypdyrlar. Ene-mamalarymyz ýüň saýmak üçin-de ýylgyn çybygyny ulanypdyrlar.
Dermanlyk häsiýeti bilen hem tapawutlanýan ýylgyny öňki döwürlerde ýakyp, ýanyp durka çykýan suwly köpürjigini bitmesi kyn ýaralara çalypdyrlar.