Ýylgyn
Ýurdumyzyň tebigatyny baýlaşdyrýan ösümlikleriň biri bolan ýylgynyň boýy 6 — 10 metre golaý ösýär. Onuň inçeden uzyn şahalary bolup, ýapraklary insizje pür, gülleri ak, gyzgylt ýa-da melewşe reňkde, miwesi gozajykda, tohumy ownuk bolýar. Ýylgyn çalt ösýän, şora çydamly ösümlikdir. Ol, esasan, derýalaryň,
ýaplaryň, kölleriň kenarlarynda ösýär. Ýylgyn şor ýerleri agaçlyga öwürmekde, çägäni berkitmekde peýdalanylýar. Onuň kölegesi jöwzaly tomus paslynda jana şypaly. Suwuň ýaýran ýerlerinde ýylgyn tokaýlyklary emele gelip, onda köp dürli çöl haýwanlarydyr guşlar mekan tutýarlar. Çöl agaçlarynyň pürleri we ownuk şahalary öri meýdanlarynda gyşyna, gar ýagan wagty mallar üçin ot-iým bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň giňişliklerini, çägeli sähralyklaryny sazak, çerkez, gandym, sözen, şeýle-de ýylgyn ýaly ösümlikler bezeýär.