
Ýylyň sungatda işjeň zenany
Esenguly etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň medeni-köpçülik çäreleriniň režissýory Jennetgül Garajaýewanyň çagalyk ýyllary gojaman Hazary etekläp oturan Ekerem şäherçesinde geçýär. Ol 2012-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna girýär. Bu ýerde «Küştdepdiniň» gazallaryny aýtmagy, tansyň inçe tilsimlerini öwrenýär. 2013-nji ýylda Türkiýe döwletiniň Ankara şäherinde geçirilen Türki döwletleriň arasyndaky festiwalda, 2014-nji ýylyň aprel aýynda Stambul şäherinde, şol ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralarda gazal aýdyp, küşt depip, üstünlikli çykyş edýär.
Instituty tamamlap, Esenguly etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezine işe gelen J.Garajaýewa milli däp-dessurlarymyzyň gelip çykyşyna aýratyn üns berdi, läleleri, hüwdüleri, gazallary döwrebaplaşdyrmaga çynlakaý çemeleşdi. Olary «Şirin owazly zenanlar» folklor toparynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip, welaýat derejesinde geçirilýän çärelere, bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaş zenanyň işine bolan höwesini has-da artdyrdy. «Tans, folklor dessury halkyň heňidir, beýik söz ussady Magtymguludyr» atly welaýat derejesindäki bäsleşikde Esenguly etrap medeniýet merkeziniň folklor toparynyň ýeňiji bolmagynda-da J.Garajaýewanyň uly zähmetiniň bardygyny bellemek gerek.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Jennetgül Garajaýewa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugrunda ýurdumyz boýunça «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada hem eýe boldy.