Ýylyň sungatda işjeň zenany

Çäreler
06.06.2023
214

Ýylyň sungatda işjeň zenany

Sungatyň jadylaýjy güýji bar. Ol adamy özüne çekýär. Bu zehinli sungat zenany Ajap Annamanowa babatda hem şeýledir. Onda kiçiliginden milli gymmatlyklarymyza bolan gyzyklanma, söýgi döreýär. Suratkeşlige bolan höwes ony Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna alyp gelýär. Ýaş suratkeşe «Sungaty öwreniji» hünäri boýunça talyp bolmak bagty miýesser edýär. 2012-nji ýylda Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebinde «Şekillendiriş we milli çeperçilik sungatynyň taryhy» dersinden sapak berip başlaýar. Suwkädisiniň ýüzüne surat çekmekde tejribe toplaýar. Suwkädisini kesme we oýma usulynda milli nagyşlar bilen nagyşlap, haşamlap, täsin eserleri döredýär. Suwkädilerini maşgala bolup ösdürip ýetişdirýärler. Zehinli zenanyň eserleri welaýat, döwlet, halkara derejelerinde geçirilýän sergileri bezeýär. A.Annamanowa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy mynasybetli guralan sergide, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalda eserlerini görkezdi. Onuň «Arzuw daragty», «Ak güllerim — ak ýolum», «Nar gözelligi — uz gözelligi», «Behişdi miweler», «Bagt guşy», «Geçmişiň ýaňy» ýaly amaly-haşam sungatyna degişli eserleri şowly çykypdyr.

Şu ýyl Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ajap Annamanowa «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýlip yglan edildi.