Ýylyň sungatda işjeň zenany

Medeniýet
09.04.2025
52

Ýylyň sungatda işjeň zenany

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bäsleşikde sekiz ugur boýunça bäsleşilip, şolaryň biri «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny  we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurdyr. Ine, şu ugur boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmak, şeýdibem «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada mynasyp bolmak bagty Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň halk gurjak teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowanyň paýyna düşdi. Ol paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň üç ýyllyk drama studiýasynda okap, artistlik hünärini ele alýar. Merjeni medeniýete, teatra ýykgyn etmegine ýokarda ady agzalan teatrda artist bolup işlän atasy Nyýazberdi Esenowyň itergi berendigini, halypalyk goluny uzadandygyny aýratyn bellemek gerek.

1998-nji ýylda Magtymguly etrap medeniýet bölüminde zähmet ýoluna başlan zenan 30 ýyla golaý zähmet menziliniň 22 ýylyny halk gurjak teatrynyň suratkeşi wezipesinde işläp gelýär. M.Seýidowa ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini öz elleri bilen ýasap, dürli görnüşli eşikleri tikip geýdirip, olary sahnada janlandyrýar. «Böwenjik», «Tilki we towşan», «Batyr towşanjyk», «Möjek, towşan, aýy», «Bagt we goja», «Gorkak möjek», «Mukaddes çörek» ýaly ertekilere siňdiren zähmetiniň, yhlasynyň ýerine düşendigine olara syn edýän çagalaryň hoşal boluşlaryndanam görmek bolýar. Bulardan başga-da M.Seýidowa etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän medeni çärelerde etrap medeniýet bölüminiň «Sumbar» halk folklor toparynyň düzüminde çykyş edip, monjugatdylary we hymmyllary ýerine ýetirmekde hem ussatlyga ýeten zenanlaryň biridir.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde