Ýylyň şygaryna buýsanjyň beýany
Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, tamamlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygarlaryň has-da dabaralanan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak ugrunda tutumly işleriň amala aşyrylan, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere galan ýyly hökmünde taryha girdi. Ýurdumyzda belent sepgitlere ýetilip, beýik ösüşler gazanyldy. Dabaraly maslahatda çykyş edenler täze — 2026-njy ýylda parahat hem asuda ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam boljakdygyny aýratyn nygtap geçdiler hem-de halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işleriň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.Ýokary ruhubelentlige beslenen maslahat medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda täze taryhy döwrümiziň, eşretli durmuşymyzyň, ýurdumyzyň gazanan beýik ösüşleriniň, ýyndamlygy, syratlylygy bilen şan-şöhrata eýe bolan bedewlerimiziň waspy belentden ýetirildi. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.