Ýylyň şygarynyň şanyna
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda ahalteke bedewleriniň döwrümiziň esasy nyşanlarynyň birine, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini buýsanç bilen nygtadylar. Şu ýylyň Türkmenistanyň Mejlsiniň karary esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp geçdiler.