
Ýylyň zenany
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerden jemi 35 sany gelin-gyzlary gatnaşdy we dürli ugurlar boýunça özara bäsleşdiler. Geçirilen bäsleşige Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Hazar şäher birleşmesiniň müdiri Gurbangül Mämmedowa hem gatnaşyp, “Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin” diýen ugry boýunça 1-nji orna mynasyp boldy.
G.Mämmedowa şäheriň çäginde dürli wezipelerde işlän we guramaçylyk ukyby bilen tapawutlanýar. Şeýle-de ol birnäçe gezek Hazar şäher Halk maslahatynyň agzalygyna saýlanyp, häzirki wagtda hem şäher Halk maslahatynyň müdiriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär. 2019-njy ýylda Türlmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalygyna saýlandy. 2021-nji ýylda Türlmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileý medaly bilen sylaglandy. Häzirki wagtda G.Mämmedowa bu bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna taýýarlyk görýär.
Üstünlik hemraňyz bolsun!!!