“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň şäher tapgyry

Jemgyýet
16.02.2026
45

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň şäher tapgyry

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Aýal-gyzlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek, dürli ugurlar boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek hem-de goldamak, maşgala mukaddesligini, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek  maksady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşan zenanlar ýedi ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa «Ýylyň işewür zenany», şäher merkezi kitaphanasynyň usulçysy Aýperi Hojamberdiýewa «Ýylyň çeper elli zenany», welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Sapargül Hallymämmedowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», 3-nji orta mekdebiň mugallymy Bibihatyja Mätiýewa «Ýylyň mährem zenany», harby gullukçy Orazgül Orazowa «Ýylyň watançy zenany», 24-nji orta mekdebiň mugallymy Bossantäç Möwlamowa «Ýylyň halypa zenany», Hazar şäherçesiniň ýaşaýjysy, telekeçi Bahar Berdiýewa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Olar bu bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyryna gatnaşarlar.

Täze habarlar