Ýyndam bedewler ýaryşanda
Balkan atçylyk sport toplumynda bedew janköýerleri ýyndam bedewleriň ýaryşlaryna şowhun bilen tomaşa etdiler. At çapyşyklary iki, üç, dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda 1200 hem-de 1800 metr aralyklara guraldy. Jemi çapyşyklaryň bäşisinden ybarat bolan ýaryşlaryň netijeleri boýunça birinji çapyşykda Ý.Garaýewiň Isgender diýen al aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda M. Seýidowyň hojalygyna degişli Dorguş diýen bedewe taý tapylmady. Üçünji çapyşykda birinji orun üçin goýlan baýragy Arzuwym diýen ýyndam bedewiň eýesi Ý. Begenjow ýüzüne syldy. Dördünji çapyşykda G. Esenowyň hojalygyna degişli Sowgat diýen gara dor bedew janköýerleriniň toý şatlygyny goşalandyrdy. Soňky bäşinji çapyşykda bolsa Garabezirgen diýen gara at ähli bäsdeşlerinden öň pellehanadan geçip, birinji ornuň baýragyna eýe çykdy. Bu ýyndam bedew Ç. Atakulyýewiň hojalyk atydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň dürli derejeli toý çäreleri bilen ajaýyp sazlaşyk tapyp, sebitiň ilatynyň göwünlerini joşa getiren at çapyşyklarynda öňdeligi eýelän ýyndam bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.