Zähmet joşar “ak altynly” pellerde

Ýurduň çäginde
16.09.2024
23

Zähmet joşar “ak altynly” pellerde

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda geçirilen dabara baýramçylyk ruhuna beslenip, ak öýleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary bu ýere aýratyn bezeg berdi. 

Toý dessurlaryna beslenen dabarada hormatly ýaşulular “Bismilla!” bilen pagta ýygymyna başlap berdiler. Pagta ýygymynyň başlanmagyna berlen ak patadan ruhlanan ýygymçy gyzlar ýygym işlerine köpçülikleýin girişip, “ak altynly” pelleri joşgunly zähmete beslediler.

Bu ýerde aýdym-sazlar hem belentden ýaňlandy. Daýhan durmuşyny beýan edýän täsirli sahnalar, ýer eýeleriniň zähmet sepgitlerini, bereketli topragymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlar, milli tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara gatnaşyjylaryň medeni gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny goşalandyryp, agrosenagat pudagynyň gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen “ak altyn” kerwenini garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda bezemen awtoulag kerweni şowhunly el çarpyşmalardyr şirin aýdym-sazlar bilen garşylandy.