Zawoddaky zähmet üstünlikleri
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawody 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, beýleki önümçilik düzümlerini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümlerine islegiň barha artýandygy buýsançly hakykatdyr. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä, Owganystana, Singapura we Ýewropa döwletlerine ugradylýar. Geçen ýylda daşarky bazarlara ugradylan karbamid döküniniň umumy möçberi 675 müň tonnadan geçdi. Geçen ýylda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna barabar bolan ýene bir karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygyna ak pata bermegi zawodyň işçi-hünärmenlerini, inžener-tehniki işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.