Zehinleri ýüze çykaran «Zehinler ligasy»

Sport
08.05.2025
214

Zehinleri ýüze çykaran «Zehinler ligasy»

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Balkan welaýatynyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda 2009 — 2010-njy ýyllarda doglan futbolçylaryň gatnaşmagynda geçirilen «Zehinler ligasy — 2025» atly futbol ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça ýaş zehinleriň barha köpelýändigini görkezdi. Welaýat merkezinde birnäçe günläp dowam eden ýaryşa Balkanabat şäherinden «Balkan», Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesinden «Gumdag», Bereket etrabyndan «Bereket», Gyzylarbat etrabyndan «Arkaç», Etrek etrabyndan «Altyn Asyr» we Esenguly etrabyndan «Garaşsyzlyk» atly toparlar gatnaşdylar. Bir aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde her topar 5 duşuşyk geçirip, iň köp utuk gazanan topar hem çempion diýlip yglan edildi. Şeýle netijäni bolsa ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanmak bilen, Balkanabadyň «Balkan» topary görkezmegi başardy. Ikinji orny Etrek etrabynyň «Altyn Asyr», üçünji orny Esenguly etrabynyň «Garaşsyzlyk» toparlary eýelediler. Ýaryşda çempionyna Kubok we medallar, ikinji, üçünji orunlary eýelän toparlara bolsa medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.