Zehinli çagalaryň bäsleşigi
Balkan welaýat medeniýet hem-de Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Balkan welaýat döwlet drama teatrynda guralan bäsleşige onuň etrap-şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgülerini artdyrmak, Watanymyza wepaly edip terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçylar gezekli-gezegine çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar eşretli durmuşymyzy, bagtyýar çagalygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny özleriniň döwrebap aýdym-sazlary bilen wasp etdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyrynyň jemi boýunça ýeňiji diýlip saýlanan okuwçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.