Zehinli talyplaryň sergisi

Medeniýet
18.11.2025
25

Zehinli talyplaryň sergisi

Ýakynda Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» we «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň talyplarynyň eserleriniň sergisi guraldy. «Parahatlyk ylhamy» ady bilen birnäçe günläp dowam eden sergide mugallym Röwşen Çopanowyň ýolbaşçylyk edýän talyplary Geňlik Aşyrgulyýewanyň, Mährijemal Mejidowanyň, Nurjemal Atagylyjowanyň, Döwran Saparowyň, Rahym Akyýewiň döreden eserleri görkezildi. Talyplaryň sergide orun alan eserlerinde eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty, behişdi ahalteke bedewlerimiz, taryhymyzyň hem-de häzirki ajaýyp zamanamyzyň şöhratly wakalary öz beýanyny tapdy. Bu eserler olary synlanlarda uly täsirleri galdyrdy.

Täze habarlar