Zehinli ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlandy
Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň çäklerinde 11,12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslamalar (ylmy-döredijilik) we ders bäsleşikleriniň jemleýji döwlet tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýelän okuwçylara diplomlaryň we sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynda okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde welaýatymyzdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Taslamalar bäsleşiginde welaýatymyzdan ylmy-döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylar 9 orny eýelediler. Birinji orna 3, ikinji orna 2, üçünji orna 1, höweslendiriji ýere 3 okuwçy mynasyp boldy. Ders bäsleşiginde bolsa welaýatymyzyň okuwçylarynyň 27-si öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Olaryň 2-si birinji, 4-si ikinji, 21 sanysy bolsa üçünji orunlardyr. Ýokary ruhubelentlikde geçen dabarada döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýelän okuwçylara degişli diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.