Zehinli zenanlary öňe saýlan bäsleşik

Medeniýet
22.02.2025
34

Zehinli zenanlary öňe saýlan bäsleşik

 Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan etmeginde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Bagt kögi» toý dabaralary merkezinde geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar sekiz ugur boýunça güýç synanyşyp, onuň jemi jemlenilende, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jennet Satymowa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň tam süpürijisi Aýgözel Işanowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň gurjak halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Toýbibi Ataniýazowa, «Ýylyň watançy zenany» diýen ada harby gullukçy Jahan Akmuradowa, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gözel Kemenowa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Balkanabat şäherinden telekeçi Aýsona Nazgulyýewa, «Ýylyň halypa zenany» diýen ada Gyzylarbat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Maýagül Ataýewa mynasyp boldular.

Bäsleşikde degişli ugurlar boýunça öňe saýlanan zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.