
Zehinli zenanlaryň bäsleşigi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar - hormatym bar» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli edara-kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän şertler hem-de tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklary hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bellenen wagtyň dowamynda gyzjagaza köýnek biçdiler we tikdiler. Lybasa salynýan nagyşlary, olara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, milli eşikleriň matalarynyň saýlanyşyny, biçilişini we tikilişini çeper sözde beýan etdiler. Şeýle-de durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny taýynladylar we ony hem alajalar bilen bezediler, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen bukjanyňdyr alajalaryň waspyny ýetirdiler. Öz tikip keşdelän milli lybaslaryny geýnip, döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri Annagül Myradowa, şol merkeziň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanbike Garaýewa, Gyzylarbat etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Züleýha Körpäýewa dagy birinji orna mynasyp bolmagy başardylar we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.