Zehinliler — öň hatarda
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiginiň, şeýle-de 11 — 12-nji synp okuwçylarynyň taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyrlary geçirildi. Olara welaýatyň etrap-şäherlerinden ilkinji tapgyrlarda üstünlik gazanan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Ders bäsleşigine gatnaşan 291 sany okuwçy okuw dersleriniň dokuzysy boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş nesliň geçilýän okuw derslerini çuňňur özleşdirmäge bolan çäksiz yhlasyny, bilime höwesini aýdyň görkezen bäsleşikde zehinli okuwçylaryň 81-si öňdäki orunlary eýelediler. Taslama bäsleşigine bolsa ylmy-döredijilik bilen gyzyklanýan 11 — 12-nji synp mekdep okuwçylarynyň 194-si gatnaşyp, ilkinji tapgyrlarda aýratyn tapawutlanan taslama işleriniň 140-syny hödürlediler. Hödürlenen işleriň dürli dersler boýunça bolmagy ýaş nesliň ylmyň dürli ugurlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir ýola tassyklady. Taslama işleriniň 18-si bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.