Zenanlara zynat zergär zähmeti

Medeniýet
13.01.2023
156

Zenanlara zynat zergär zähmeti

Halkymyzda zergärçilik sungaty arkama-arka dowam edip, bu sungatda kämilleşýän zergärlerimiziň sany gitdigiçe artýar. Şeýle zergärleriň biri-de Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşligindäki Magtymguly şahamça muzeýiniň ýol görkezijisi Serdar Döwletmämmedowdyr.

Heniz ýaşdygyna garamazdan, zergärçilik sungatynyň inçe tilsimlerini kemsiz ele alan Serdarda bu käre bolan söýgi çagalygyndan döreýär. Häzirki wagtda onuň ýasan gülýakalarydyr ýüzükleri, gulakhalkalary zenanlaryň gözelligine gözellik goşýar. Bu ugurda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara, Hormat hatlaryna mynasyp bolmagy zehinli zergäri sungat ýolunda täze gözleglere ruhlandyrýar. Serdar Döwletmämmedow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Sungata bolan söýgi mende çagalygymdan döredi. Maşgaladaky üç perzendiň iň kiçisi bolamsoň, hemişe dädemiň yzyna düşer ýörerdim. Dädem başga kärde zähmet çekse-de, aýdym-sazyň aşygydy, dutarda saz çalýardy. Saz çalmaga oturanda, onuň ýanynda elime kagyz-galam alyp, surat çekerdim. Ilki gülüňdir Günüň suratyny çekip, soňra-da Güne çalymdaş bolany üçin gülýakanyň suratyny çekip, onuň ýüzüni-de gülleriň, ýapraklaryň şekili bilen nagyşlap başlardym. Her gezek çekýän gülýakamyň keşbini owadanlamaga çalşyp, nagyşlaryny ejemiň gülýakasyndaky nagyşlara meňzetjek bolardym. Soňra-da, şol çeken suratlarymyň özüni ýasamaga höwes döredi. Şol höwes bilenem orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetinde okadym. Şonda maňa institutyň uly mugallymy Şöhrat Myradow halypalyk goluny uzadyp, zergärçilik senedine içgin aralaşmagyma ýol açdy.

Ilkinji işimi, ýagny ýasan gulakhalkamy doglan gününde ejeme sowgat etdim. Şu güne çenli ýasan kökenli ýüzük, gülýaka, gulakhalka, bilezik, şelpe, tumar ýaly şaý-seplerim bilen etrap, welaýat, döwlet derejesinde guralýan sergilere gatnaşyp gelýärin.

Halypa zergärlerden galan şaý-sepleriň gadymy nusgalaryny has kämilleşdirmek biziň paýymyza düşýär. Olary inçejik nagyşlar bilen haşamlamak, gaş oturdyljak bolnanda, daşlary saýlamak, dogrusy, ýeňil-ýelpaý iş däl. Şaý-sep ýasajak bolanyňda, altynyň ýa-da kümşüň hiline-de uly üns bermeli bolýar.

Ilki, ýasajak şaý-sepimiň galam bilen suratyny çekýärin, gerekli reňkler bilenem bezeýärin. Bu bolsa işimiň kämil, göwnejaý bolmagyna ýardam berýär. Gadymy nusgalara islegiň artýan döwründe hemişe halypalaryň işlerine ýüzlenýärin. Gülýakany ýasamak üçin onuň ölçegine görä, altyny ýa-da kümşi taýynlaýaryn. Sebäbi şaý-sepleriň ýasalyşynda, bezelişinde, hatda dakynylyşynda hem özboluşly aýratynlyklary bar. Welaýatymyzyň gelin-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleriniňem öz aýratynlygy bar.

Ozalky şaý-sepleriň keşbi berilse-de, häzirki wagtda ýasalýan şaý-sepler kiçiräk hem-de ýeňil bolýar. Sebäbi gelin-gyzlarymyz ozal toý-baýramlarda dakynýan bolsalar, indi kiçi göwrümli gülýakalary, şelpeleri gündelik dakynýarlar. Aslynda, gyzjagazlardan başlap, zenanlaryň hemmesi-de gulakhalkany hiç wagt gulaklaryndan aýyrman dakynýarlar. Şonuň üçinem kiçi gulakhalkalar gündelik dakynmaga amatly hasaplanyp, olara isleg barha artýar. Ýene-de bir bellemeli zat, ol hem indi ýüzükde we gulakhalkada, esasan, ak gaş goýmak ýoň boldy. Ak gaş şol şaý-sepleri has-da döwrebaplaşdyrýar.

Özüm çaga wagtym agaç ussasy bolsun, kümüş ussasy bolsun, suratkeş, heýkeltaraş, bagşy-sazanda bolsun, parhy ýok, şolaryň ýanyna ylgardym. Şeýde-şeýde, bu hünäri ele aldym, elbetde, munda halypalarym Halmyrat Güjikowyň hem-de Şöhrat Myradowyň tagallasy uludyr. Zergärçilik sungatyna has höwesli ýaşlardan bolsa Hasan Muhammedowyň, Ýusup Tugyýewiň atlaryny agzasym gelýär. Şeýle-de, maşgalam Jennet hem bu ugurda eýýäm halypalyga ýetdi diýip aýtsa bolar. Ilki-ilkiler ussahanamda işleýän wagtym maý tapdygyndan, ýasaýan şaý-seplerimi gözügidijilik bilen synlardy. Şaý-sep ýasamakda ulanylýan her bir gural, her bir tilsim Jennet üçinem gyzyklydy. Şeýdibem, ol ýuwaş-ýuwaşdan zergärçilige girişdi. Häzir şaý-sepleri özbaşdak ýasaýar. Iki sany perzendimiziňem sungata höwesleriniň bardygyny bilmek kyn däl. Olaram biz bir işiň başyna geçenimizde, ellerine kagyzdyr galam alyp, başardyklaryndan surat çekýärler.

Hawa, döwür-döwranlar aýlanyp, näçe ýyllar geçse-de, pederlerimizden galan zergärçilik önümlerine isleg barha artýar. Milli şaý-seplerimiz döwrebap öwüşginler bilen lowurdaýar.